Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Iş maslahatynyň başynda döwlet Baştutanymyz şu günler ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň barşy, jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabaty diňledi. Döwlet Baştutanymyz söwda dükanlarynda işleriň alnyp barlyşyna-da ünsi çekip, bu babatda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, gowaçanyň tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak we onuň bol hasyl berýän görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ak ekinlerde duş gelýän kesellere, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş işleriniň häzirki zamanyň agrotehniki talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, şunda biokärhanalaryň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygyny belledi.

Ýerlerde pile öndürmek möwsümi guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmelidir. Şeýle-de ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, hususan-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi bellenildi.


Yza

Şeýle hem okaň