Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.