21-nji aprelde Balkan welaýatynyň edara ediş merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.
Şu gezekki dabaralar Balkan atçylyk sport toplumynda däp bolan at çapyşyklar bilen başlandy. Ýaryşyň maksatnamasyna ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda 8 çapyşyk girizildi.
Baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi B.Sapargylyjow mynasyp boldy.
Baýramçylyk mynasybetli atçylyk sport toplumynyň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisiniň gymmatlyklary bedewiň tutuş taryhyň dowamynda halkymyzyň syrdaşy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurduň ähli sebitlerinde uly dabaralara beslenýär. Soňky ýyllarda bolsa belli bir sebitde döwlet derejesindäki dabaralary geçirmek däbe öwrüldi. Şeýle dabaralaryň 2020-nji ýylda Türkmenabat, 2021-nji ýylda Mary şäherlerinde geçirilendigini ýatladýarys.