Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita, Premýer-ministri Fumio Kisida we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada barada Döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň halklarymyzyň bähbidine doly laýyk gelýändigini nygtap, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla ediljekdigine ynam bildirdi.