Ertir Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik
we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi öz işine başlar.
Mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň
arasynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak
ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, GDA-nyň ykdysady
ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary
has-da işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçiriler we degişli resminamalara
gol çekiler. Şol bir wagtyň özünde GDA agza ýurtlarda zähmet we durmuş
üpjünçiligi kanunçylygynyň kämilleşdirilişi, ilatyň iş üpjünçilik ýagdaýy we
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň weteranlaryna hödürlenilýän
durmuş ýeňillikleri ýaly meselelere garalar.
Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylara
Türkmenstanda zähmet we durmuş ulgamlarynda ýetilen sepgitler barada giňişleýin
maglumatlar beriler.