Şu gün Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan
goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji
mejlisi öz işine başlady. Foruma gatnaşmak üçin Belarus, Özbegistan, Täjigistan
Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji
komitetiniň we beýleki degişli düzümleriniň wekilleri türkmen paýtagtyna
geldiler. Şunuň ýaly hem GDA gatnaşyjy döwletleriň ençemesiniň ýokary derejeli
wekiliýetleriniň bu mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklaryna
garaşylýar.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA
gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, migrasiýa we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça
maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu geňeşiň işine işjeň gatnaşyp
gelýär.
Iki günlük forumyň birinji gününde Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda
zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy giňeltmek, GDA-nyň ykdysady
ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary
has-da işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçiriler we degişli resminamalara
gol çekiler. Şol bir wagtyň özünde GDA agza ýurtlarda zähmet we durmuş
üpjünçiligi kanunçylygynyň
kämilleşdirilişi, ilatyň iş üpjünçilik ýagdaýy we 1941 — 1945-nji ýyllaryň
Beýik watançylyk urşunyň weteranlaryna hödürlenilýän durmuş ýeňillikleri ýaly
meselelere garalar.
Ertir foruma gatnaşmak üçin Türkmenstana gelen daşary ýurtlaryň we GDA-nyň
wekiliýetleriniň agzalary Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine
we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler. Şeýle-de olar özleri üçin
ýörite taýýarlanylan medeni maksatnama hem tomaşa ederler.
Forum öz işini 18-nji oktýabrda tamamlar.