Türkmenistan ŞHG-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

16-njy oktýabrda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, ŞHG-na agza ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ýaly territorial we gurluş taýdan özara baglanyşykly geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ünsi jemlemek teklip edildi.

Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesine degip geçen türkmen wekiliýeti, Hazar deňziniň gündogar kenarýakasy boýunça Eýrana we Hindistana çykalgasy bolan «Demirgazyk - Günorta» ulag geçelgesiniň ähmiýetini nygtady.

Söwda dolanşygyny mundan beýkäk hem ýokarlandyrmak we işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarya ünsi çekip, Türkmenistanyň Daşary işler ministri ŞHG-nyň ýurtlaryna, olaryň ýolbaşçylaryna we ýokary derejeli wekillerine ýakynda Aşgabatda geçirilen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň