Türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ugurda haryt dolanşygyny artdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar.Energetika we ulag ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige uly ähmiýet berilýändigi beýan edildi.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleri güýçlendirmegiň möhümligi bellenildi.Energetika we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işleriň tamamlanmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin özüniň hormatyny we hoşallygyny beýan etdi.

***

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyran saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal energetika ministri Musadik Masud Mälikiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan taraplar sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşe itergi bermekde we gatnaşyjy ýurtlaryň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda iri taslamalaryň strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler. TOP elektrik geçiriji liniýasynyň we TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň senagat elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.

Taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen peýdalanyljak ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işiň tamamlanmagynyň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem türkmen we pakistan taraplarynyň energiýa pudagynda bilelikdäki hereketleri üçin Ýol kartasyny düzmek teklip edildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak babatynda ylalaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň