Aşgabatda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly başlandy

18-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi.  Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli guraldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamak ýaly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde aýratyn orun eýeleýändigini görkezip gelýär.

Häzirki wagtda netijeli daşary syýasatyň möhüm bölegi bolan dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen medeni diplomatiýa aýratyn üns berilýär. 

TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr toparlaryny paýtagtymyza jemlän II teatr festiwaly medeniýetleri baýlaşdyrmak, ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär. 

Şunda teatr sungaty watançylyk, gözellik we ahlak terbiýesi ýaly möhüm hyzmaty ýerine ýetirmek bilen halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär. 

Sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy şeýle hem tejribeleri alyşmagy göz öňünde tutup, ol ýerine ýetirijilik ussatlygyny we ýaş teatr artistleriniň sahna medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň