Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň