Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasy» açylar

Hytaý Halk Respublikasy nebitgaz pudagyny ösdürmekde Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň nebitgaz ugurly öňdebaryjy bilim ojagynyň — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň dostlukly ýurda golaýda amala aşyran iş sapary hem bu ugurda täze gözýetimleri açyp, bilelikdäki anyk taslamalaryň başyny başlamakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Iş saparynyň maksady Hytaýyň Nebit uniwersiteti, Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti bilen bilim ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Sian şäherinde Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyndan habar berýär. Bu ylalaşyga Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sianyň nebit uniwersiteti, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasy gatnaşýar. Resminama laýyklykda, taraplar bilelikde ýurdumyzda «Lu Ban ussahanasyny» açyp, geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek, maglumat ulgamlary we tehnologiýalar ýaly ugurlarda akademiki we beýleki hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk ederler. Şeýle-de mugallymlarydyr talyplary, maglumatlary alyşmak, ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu taslama Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ugurly gatnaşyklary berkitmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Ýeri gelende bellesek, «Lu Ban ussahanalary» 2500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen meşhur hytaýly oýlap tapyjy Lu Banyň adyny göterýär. Ol öz döwründe häzirki günlerde-de giňden ulanylýan iş gurallarynyň köpüsini döredipdir. «Lu Ban ussahanasy» bolsa HHR-iň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýurduň Týanszin bilim edarasynda 2016-njy ýyldan bäri hereket edýän bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Olarda önümçiligi awtomatlaşdyrmak, energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, adaty hytaý lukmançylygy ýaly ugurlarda geljekki hünärmenler taýýarlanylýar. Häzire çenli Aziýanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň 20-den gowrak ýurdunda şeýle okuw merkezleri üstünlikli hereket edýär. Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny bilelikde ilerletmek başlangyjy hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň ýanwarynda Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapypdy. Munuň özi bakalawr, magistr we hünär bilimini öz içine alýan dünýäde ilkinji şeýle merkez bolar.

Iş saparynyň çäklerinde Hytaýyň ugurdaş bilim ojaklarynda geçirilen duşuşyklar hem netijeli häsiýete eýe boldy. Sian nebit uniwersitetindäki duşuşykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda, nebitgaz senagaty, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça-da uly ösüşleriň gazanylýandygy, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, sanly bilim ulgamynyň ilerledilýändigi barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de «Lu Ban ussahanasynda» alnyp barylmagy meýilleşdirilýän okuw we ylmy-barlag işleri, gurnaljak enjamlar, bakalawr taýýarlyk ugurlary içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

HNGU-nyň rektory Pekinde ýerleşýän Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň okuw binalary, döwrebap tejribehanalary, ylmy-okuw işleriniň ýola goýluşy, okuw maksatnamalarydyr meýilnamalary bilen hem tanyşdy. Uniwersitetiň rektory we professor-mugallymlary bilen geçirilen duşuşykda ylym-bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda hereket edýän Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek meselesine aýratyn üns çekildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Hytaýyň Nebit uniwersiteti hem-de Hytaýyň Bilim ministrliginiň Daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlanylan Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky Ylalaşygyň, «Iki diplom» halkara bilim maksatnamasy hakynda Düzgünnamanyň taslamalary, merkeziň okuw meýilnamalary pikir alyşmalaryň esasy mowzugy boldy.

Ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talabydyr. Bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň işjeň özleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň yzygiderli giňeldilmegi bolsa okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmakda, milli hünärmenleri ösen standartlara laýyklykda okatmakda, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmekde öz oňyn netijelerini berýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Sian şäherlerine amala aşyrylan nobatdaky iş saparynyň hem bu babatda giň gözýetimleri açjakdygy şübhesizdir.

Çeşme: Türkmenmetbugat


Yza

Şeýle hem okaň