Düýn Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady.
Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. Guramanyň ady oňa gatnaşyjy ilkinji bäş ýurduň — Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de 2011-nji ýylda bu gurama goşulan Günorta Afrika Respublikasyň atlarynyň ilkinji harplaryny aňladýar. Soňra gurama doly hukukly agza hökmünde Müsür Arap Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran Yslam Respublikasy, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasy goşuldy. Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüne çekijiligini artdyrýar.
Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, «BRICS goşmak» formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Adalatly ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda, guramada Russiýanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän XVI BRICS sammitine gatnaşyjylary hem-de hormatly myhmanlary mähirli mübärekläp, öz netijeliligini görkezen «BRICS goşmak»/«autriç» formatynyň gurama agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlara açyk dialog üçin mümkinçilik berýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Şolaryň hatarynda GDA ýurtlarynyň, Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy döwletleriniň Liderleri, şeýle hem BRICS bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi we şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ýurdumyza goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir hem-de häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri örän zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti we netijeliligi bellenildi. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.
Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda ýurdumyzyň BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş edendigini, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada barýar.
Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris. Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarydyr teklipleri beýan etmäge döredilen mümkinçilik, netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Wladimir Putin çuň mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň durup geçen köp sanly meseleleriniň, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygyny belledi.
Soňra sammitiň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş edip, halkara meseleleri çözmekde köptaraplylygy goldaýandygyny aýtdy hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy. BRICS-iň çäklerinde möhüm ugurlar hem-de köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmagyň meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar deňhukuklylyga, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri doly açmak babatda täze gurallary işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Üç sagatlyk uçuşy amala aşyryp, döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi