Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi

24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi we oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durup geçmek bilen, taraplar işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şunuň bilen birlikde, medeni alyşmalaryň meseleleri, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek we çäreleri guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň – Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Meksikanyň DIM-iň ýanyndaky Matias Romero adyndaky diplomatik gözlegleri institutynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Indiki syýasy geňeşmeleri geljek ýyl Aşgabatda geçirmek teklip edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň