Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

30-njy oktýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlary kesgitlenildi.

Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan oňyn dialog iki ýurduň köpýyllyk hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi üçin kabul ederlikli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde we diwersifikasiýalaşdyrmakda bar bolan giň mümkinçilikleri peýdalanmaga gönüden-göni ýardam berýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, bilelikde alnyp barlan işleriň baý tejribesine esaslanýar hem-de birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň binýadynda ýola goýulýar. Russiýanyň sebitleri, iri senagat we medeni merkezleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri, beýleki subýektleri bilen göni aragatnaşyklar döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpugurly meýdançalaryň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu aýda Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Kazanda geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy şu ýylky möhüm wakalaryň hatarynda orun aldy. Mundan başga-da, maý aýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol aýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 11-nji oktýabrda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň — ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda, bank we maýa goýum pudaklarynda, işewürlik ýaly ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze girdejili pudaklary döretmek, ýokary hilli we eksport ugurly önümleriň täze görnüşlerini öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaryň hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Yzygiderli geçirilýän özara Medeniýet günleri, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň özboluşly köprüsi bolup hyzmat edýän beýleki döredijilik çäreleri iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Bilim-ylym ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Aşgabat şäherinde hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Ýokary bilim we hünärmenleri taýýarlamak boýunça-da ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmen talyplarynyň müňlerçesi Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýar. Saglygy goraýyş ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Häzirki döwrüň talaplary göz öňünde tutulanda, öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar pudagyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem wajyp ähmiýete eýe bolýar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary bilelikde üstünlikli işlemäge döredilen oňaýly şertler üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň