31-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Filipp Merleniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilýänligi aýratyn bellenildi.
Taraplaryň halkara guramalaryň çäklerindäki alyp barýan gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.Diplomatlar energetika, logistika, gurluşyk, oba hojalygy we «ýaşyl tehnologiýalar» ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.
Taraplar speleologiýa, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi