Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky (UNHCR) uzak möhletleýin gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler.
Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky BMG-niň esasy hukuk resminamalarynyň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmekde nusga alarlyk netijelere ýetendigi bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNHCR-iň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýyllyk iş meýilnamalarynyň çäginde bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek boýunça Ählumumy bileleşige goşuljakdygynyň mälim edilendigi bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň 32 müňden gowrak bosgun we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýatlyga kabul edilendigini nygtadylar.
Şeýle hem söhbetdeşler bosgun sport toparlarynyň dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny höweslendirmegiň üsti bilen bosgunlaryň adam mümkinçiliklerini açmak prosesini bilelikde ösdürmegiň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, bosgunlaryň toparynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşmaga çagyrmak babatyndaky Türkmenistanyň başlangyjy nygtaldy. Bosgun toparlarynyň türgenleşik we sport lagerleri üçin zerur şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýarlygy beýan edildi. Agzalanlar Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «BMG-niň oýunlary» atly Kararnamanyň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen utgaşýar.
Duşuşygyň barşynda taraplar raýatsyzlyk hadysalary, sebitdäki we onuň çäginden daşardaky bosgunlar bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini, şeýle hem 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatynyň ähmiýetini nygtadylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi