Ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi

9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýanyna ýaş nesliň wekili gelýär. Ol belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen hormatly Prezidentimizden bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Eziz Diýarymyzda giň gerimli tokaý maksatnamasynyň amala aşyrylmagy howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlara garşy ählumumy tagallalara goşulýan ägirt uly goşantdyr. Howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar.

Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda döwletimiziň bu resminama goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen borçnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigine halkara hyzmatdaşlyk esasynda taýýarlanylan “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanalarynyň, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň “Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.

...Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen gürrüňdeş boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň, paýtagtymyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini, gurluşyklaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda hem ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmäge goşant goşýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda Diýarymyzda amatly ekologik gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baş şäherimizi ösdürmek boýunça alyp barýan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär. Olar uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalaýar we ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Aşgabadyň çäginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir, halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetiniň ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly meýdança hökmünde täze Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu taslama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar. Şäherde sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy, desgalaryň gurluşygynda bolsa ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen ekologiýa ýaly möhüm ugurdaky gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň mysalydyr.

Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden, tozanly ýellerden goraýar. Şeýle hem gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde, umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek.

...Dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we jebisligini aňladýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

Şeýlelikde, bu gezekki köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsi boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň