11-12-nji noýabrda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejesinde ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy.
Iki günläp dowam eden bu çäräniň maksady energetika infrastrukturasyna abanýan howplar barada habardarlygy ýokarlandyrmakdan we bu ugurda öňdebaryjy tejribäni ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara hünärmenlerini çekmekden ybarat boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlaryna garadylar we halkara derejesinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Çykyş edenler milli derejede alnyp barylýan işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly kararnamanyň energetika kynçylyklaryny ýeňip geçmek ugrunda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýandygy we energiýa serişdeleriniň serhetüsti ugradylmagynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge çagyrýandygy bellenildi.
Birnäçe halkara guramalary bilen bilelikde durmuşa geçirilýän BMG-niň Duýgur maksatlary terrorçylyk howplaryndan goramak boýunça ählumumy maksatnamasy 2021-nji ýyldan bäri agza ýurtlara mümkinçilikleri artdyrmaga, bilermenleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we möhüm infrastrukturany goramak babatynda öňdebaryjy tejribäni kesgitlemäge ýardam berýär.
Şeýle-de Aşgabat şäherinde geçirilen bu halkara çäräniň dowamynda Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň ilkinji tanyşdyrylyşy boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi