Indiki ýyl geçiriljek türkmen-iňlis söwda we senagat geňeşinde bilim meselelerine-de garalar

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministriň orunbasary Azat Ataýew we Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça Beýik Britaniýanyň eksport müdiri Sara Çiji arasynda duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň bilim pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda, hanym Çiji Beýik Britaniýanyň Gazagystanda we Özbegistanda ýokary bilim ulgamynda alnyp barylan işleri barada gürrüň berdi. Ol, birnäçe britan uniwersitetleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýokary bilim hyzmatlaryny hödürlemäge gyzyklanmaklaryny aýtdy. Orta bilimde edaralaryny akkreditasiýa etmek boýunça usulyýetleriň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Indiki ýylda Türkmen-iňlis söwda we senagat geňeşiniň geçiriljekdigini we onuň çäklerinde bilim meseleleriniň gözden geçiriljekdigini hanym Çiji belläp geçdi, mundan başga-da Çiji, Beýik Britaniýanyň her ýylky Bütindünýä bilim forumyna goşulyp, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga isleg bildirdi.

Azat Ataýew öz gezeginde, agzalan hyzmatdaşlygyň ugurlaryna gyzyklanma bildirip, bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda başlangyçlaryň goldanylýandygyny mälim etdi. Bu özara hyzmatdaşlygyň tapgyrlaýyn we yzygiderli amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Taraplar bu ugurda ilkinji ädim hökmünde bilelikdäki webinarlary guramagyň mümkinçiliklerine garalmagyny ylalaşdylar. Bu webinarlar, Beýik Britaniýanyň bilim ülňülerini, akkreditasiýa we ygtyýarnama almak bilen bagly hereketleriň toplumyny, şeýle hem hiliň barlagy tejribesini jikme-jik öwrenmäge gönükdiriler.

Ataýew bu seminarlaryň, soňlugy bilen giňişleýin öwrenilmäge degişli britan bilim ulgamy babatda anyk meseleleri ýüze çykarmaga ýardam etjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem, maý aýyna çenli agzalan hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň her biriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin, tapgyrlaýyn hyzmatdaşlygy has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we britan tarapy agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy, öz gezeginde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň mundan beýläkde ösdürilmegine netijeli goşant goşjakdygyna we talyplar hem-de mugallymlar üçin dünýäniň bilim jemgyýetine işjeň goşulmagyna ýardam edýän täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi


Yza

Şeýle hem okaň