Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi