Şu günler Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen hünärmenler ozaldan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerli lukmanlar bilen özara tejribe alyşýarlar. Iş saparynda bolýan germaniýaly fizioterapewt lukmanlar Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar hem-de näsaglara bellenilýän dikeldiş bejergileriniň meýilnamasyny işläp düzýärler. Olar bilen geçirilýän «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, ussatlyk okuw sapaklary, beýan sapaklary işjeň häsiýete eýe bolýar.
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde-de anyklaýyş, bejeriş we dikeldiş işleri netijeli alnyp barylýar. Golaýda bu täze saglygy goraýyş desgasynda miokardyň ýiti infarkty kesel kesgitlemesi bolan raýata merkezde ilkinji gezek selektiw koronarografiýa barlagy geçirilip, ýerli hünärmenler tarapyndan koronar arteriýalaryň stentirlenmesi operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly.
Çeşme: Türkmenmetbugat