Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýüz tutmasyna jogap edip, ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak boýunça milli maksatnama giňişleýin baha berdi.
Bu derňew Türkmenistanyň inçekesele gözegçilik boýunça indiki milli strategik meýilnamasynyň (2026 – 2030) işlenip düzülmegine esas döretmelidir. Synyň çäginde öňüni alyş, bejergi we ideg, şeýle hem köp pudaklaýyn hyzmatdaşlyga we raýat jemgyýetiniň bu işe gatnaşygyna baha berildi. Halkara bilermenler Aşgabat, Ahal we Mary welaýatlarynda şu ugurda işleýän edaralara baryp gördüler, inçekesele garşy göreşde ilkinji lukmançylyk we sanitar kömekler, inçekesele degişli maglumatlary öwrenmegi gowulandyrmak üçin döredilen «Inçekesel boýunça hasaba alyş we hasabatlylyk ulgamynyň» işi bilen tanyşdylar.
BSGG-niň hünärmenleri inçekesele garşy göreşde ilkinji lukmançylyk we sanitar ýardamyň ähmiýetine baha berdiler. Hususan-da, BSGG-niň inçekesel boýunça sebit geňeşçisi Askar Edilbaýew alnan netijeleriň BSGG-niň Ýewropa sebitinde gazanylan öňdebaryjy tejribesi bilen alyşmaga kömek etjekdigini aýtdy.
Bu işleriň netijesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şeýle hem degişli gyzyklanýan taraplara inçekesele garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça alnyp barylýan tagallalary goldamak üçin beriljek umumy hasabatda ýerleşdiriler.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»