Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Sebitleýin we halkara gurluşlaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şu nukdaýnazardan diplomatlar hereket edýän iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda häzirki wagtda hereket edýän Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň barşyna baha berdiler. Eksport-import amallaryny artdyrmak hem-de hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek ýaly meseleleri nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýän şertleri kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, wekiliýet agzalary gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer uguruna üns çekdiler. Ylym we bilim pudaklarynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi nygtaldy. Taraplar medeni we ylmy alyş-çalyşlaryny guramak tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Täjigistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen hem duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine garadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň