21-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylýan strategiki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryna möhüm orun degişli, olar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine hem-de giňeldilmegine kuwwatly itergi berýär.
Türkmenistanyň Owganystandaky durnuklylygy saklamak boýunça köptaraplaýyn halkara meýdançalaryna goňşy ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň durnukly dikeldilmegini we ösmegini höweslendirmegiň möhüm faktory hökmünde garaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanda geçiriljek Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygyna taýýarlygyň barşy barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaýyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldawy bermegi dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi