BMG-niň Ösüş ugrundaky işi utgaşdyryş müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri bilen duşuşyk geçirildi

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ösüş ugrundaky işi utgaşdyryş müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Gwi-Ýeop Sonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ugurlaryň giň çygryny öz içine alýan Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpýyllyk strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmeginiň işjeň özara gatnaşyklaryň alnyp barylýandygynyň mysalydygy nygtaldy.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we Türkmenistanda DÖM boýunça milli meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek işinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, DÖM-e ýetmek, möhüm sebit meseleleri boýunça ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasy başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň tassyknamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, kabul edilen resminamany amaly çäreler bilen berkitmegiň we ony maksada okgunly hereketler bilen iş ýüzünde amala aşyrmagyň wajypdygy barada aýdyldy. Şeýle-de söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegi uly bolan taslamalara garadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň