Düýn Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Serginiň işine dostlukly ýurduň döwlet düzümlerinden, hususy pudagyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Serginiň geçýän günlerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň onlarçasy senagatda, oba we suw hojalygynda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda ýeten sepgitlerini, eksport mümkinçiliklerini görkezerler. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Serginiň açylyş dabarasyndaky çykyşlarda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen sergi türkiýeli önüm öndürijileriň giň mümkinçiliklerini görkezmek bilen, ýokary tehnologiýalary, innowasion işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar köpugurly sergi bilen tanşyp başladylar. Bu ýerde türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk, elektronika, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär. Şu gezekki sergide senagatyň dürli ugurlary boýunça Türkiýäniň ösen sebitleriniň eksportçylar birleşmeleriniň sergi diwarlyklaryna möhüm orun berlipdir.
Sergide “Abdi Ibrahim” kompaniýasy derman serişdeleriniň önümçiligindäki, bejeriş işindäki hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. “Orçelik Ofis Mobilyalari Makine”, “Biriz Ambalaj” kompaniýalarynyň diwarlyklarynda mebelleri öndürmekde we senagat harytlaryny gaplamakda gazanylanlar görkezilýär. Ýurdumyzda uly meşhurlykdan peýdalanýan öý hojalyk tehnikalaryny, aşhana enjamlaryny öndürijileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Olar sowadyjylaryň, egin-eşik ýuwujy maşynlaryň, bug peçleriniň, suw gaýnadyjylaryň, gyzdyryjylaryň, sowadyjy we ýyladyjy ulgamlaryň iň täze görnüşlerini öz içine alýar. Şolaryň hatarynda “Pimak Profesyonel Mutfak”, “Daikin Isitma ve Sogutma Sistemleri”, “Aldag Isitma Sogutma Klima”, “Türk DemirDöküm” ýaly kompaniýalaryň önümlerini görkezmek bolar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda elektroenergetika enjamlaryny, yşyklandyryjylary, kabelleri, generatorlary, elektrik panelleri öndürmäge ýöriteleşen “Pedaş Elektrik”, “Vatan kablo metal”, “Teksan Jeneratör Elektrik”, “Ogultürk Pano Imalat” ýaly kompaniýalar hem bar. Degişli ugurda Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň diwarlygynda ornaşdyrylan ekranlar ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan taslamalary şöhlelendirýär.
Türkmen-türk işewürlik gatnaşyklarynda gurluşyk pudagynda uzak ýyllardan bäri alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunda türk kompaniýalarynyň Diýarymyzda gurluşyk taslamalarynyň onlarçasyny üstünlikli durmuşa geçirendiklerini bellemek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda geçirilýän gözden geçirilişe Türkiýäniň gurluşyk serişdelerini, tehnikalary öndürýän öňdebaryjy kompaniýalary hem işjeň gatnaşýarlar. Hususan-da, “Karbosan Zimpara” kompaniýasy öz öndürýän önümlerini, “Hilal Alüminyum” dürli görnüşli alýumin profillerini, “Genç Boru Profil” plastik turbalaryny, “Çelik Kapi” polat gapylaryny, “Kalekim Kimyevi Maddeler” kompaniýasy bolsa gurluşykda ulanylýan boýaglaryny, diwar we mebel örtüklerini hödürleýär.
Birnäçe kompaniýalar polat gurnamalaryň, kompressorlaryň, oba hojalyk we burawlaýjy tehnikalaryň önümçiligindäki mümkinçiliklerini, suw arassalaýjy ulgamlaryň enjamlaryny, sergileri, beýleki çäreleri guramakda, logistika işini amala aşyrmakda öz hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Sergä diwarlyklary bilen gatnaşýanlaryň hatarynda ýyladyşhana toplumlary, durnukly oba hojalygy üçin enjamlarydyr düzümleri öndürmäge we ibermäge ýöriteleşen kompaniýalaryň bardygyny hem bellemelidiris. Şolaryň hatarynda “Sera Marketim”, “Ekin Endüstriyel” we “Suntek Mühendislik” ýaly düzümler bar.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň şu gezekki sergisi diňe bir türk öndürijileriniň kuwwatlyklaryny, öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezmäge giň şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga-da mümkinçilik berýär. Şoňa görä, serginiň köp sanly gatnaşyjylary — kompaniýalaryň we degişli pudak edaralarynyň, hususy düzümleriň wekilleri türk öndürijileriniň hödürleýän önümleriniň görnüşleri, işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanşyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça özara pikir alyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Foruma gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde bu çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanyşygynyň möçberi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygyň kuwwatyny okgunly artdyrýar. Soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we häzirki wagtda täzeleri durmuşa geçirilýär. Geljegi uly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna has-da işjeň gatnaşmak isleýändiklerini aýtdylar.
Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we gazananlary, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijiler ýurdy ulgamlaýyn esasda has-da ösdürmegiň ýörelgelerine berk esaslanmak bilen, örän özüne çekiji bolup durýar. Ykdysady ösüşiň uly kuwwaty nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, durmuş ulgamynda ägirt uly özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge şert döredýär.
Serginiň ikinji gününde türk kompaniýalarynyň täze önümleriniň, döwrebap tehnologiýalarynyň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi