Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri häzirki wagtda ähli görkezijiler babatda nusgalykdyr. Ýakynda bu ajaýyp şäheriň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherine bu abraýly baýragyň gowşurylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi