9-njy dekabrda
Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň düzüminde
hereket edýän Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň garamagyndaky Balkan
welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara
binasynyň açylyş dabarasy bolar.
Açylyş dabarasyna degişli
ministrligiň wekilleri, Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň
hünärmenleri we myhmanlar gatnaşar. Açylyş dabarasy Balkan welaýatynyň sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlara beslenip, uly şatlyk-şowhuna
eýe bolar.
Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasy Döwlet
pensiýa üpjünçiligini we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny maliýe taýdan
dolandyrmakda alnyp barylýan işleriň has-da döwrebaplaşmagyna we ýokarlanmagyna
itergi berer.