Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň täze binasy açyldy

Şu gün Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk täze gurlan üç gatly edara binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy.

Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Diýarymyzda üstünlikli amala aşyrylýan  durmuş maksatly taslamalaryň  çäklerinde bina edilip, ähli babatlarda döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän täze binanyň açylyş dabarasy Balkan welaýatynda iň iri etrap merkezleriniň biri bolan Gyzylarbat şäherinde juda uludan tutuldy. Oňa Balkan welaýat Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri,  döwletimiziň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan  «Gözel zaman» hususy kärhanasynyň  gurluşykçylarynyň guran binasynda bar bolan iş otaglarynyň ählisi-de ilata döwrebap hyzmat etmek üçin häzirkizaman dünýäsiniň iň bir kämil kompýuter enjamlary we tilsimatlary bilen bir kemsiz üpjün edilipdir. Bu bolsa müşderilere edilýän hyzmatyň hil derejesini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri berer. Iş otaglaryndaky mebeller hem öz ýurdumyzda taýýarlanylandyr. Elektrik üpjünçiliginiň, ýyladyş-sowadyş ulgamlarynyň özbaşdak bolmagy hünärmenlerimiziň öz işlerini bökdençsiz we netijeli alyp barmaklaryna oňyn täsirini ýetirer.

Dabaranyň dowamynda bu ajaýyp edara binasyny gurmaga gatnaşan “Gözel zaman” hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmekliginde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, şowhunly tanslar bu ýere ýygnanan märekä ruhy lezzet paýlady.


Yza

Şeýle hem okaň