9-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Bu ýubileý medalynyň gowşurylmagy ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi