16-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredow bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, «Maşynlar we enjamlar» kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplaryň özara pikirine görä, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berýän möhüm şert bolup hyzmat edýär.
Söwda-ykdysady, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, senagat we elektroenergetika pudaklarynda, şeýle hem «ýaşyl» energetika ugury boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Komitetleriň başlyklary häzirki wagtda hereket edýän bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny jikme-jik gözden geçirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini nygtadylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi