Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Dekabryň 28-ne türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň “Akhan” we “Taýçanak” şaýollarynyň aralygynda durky täzelenýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, öz belliklerini aýtdy. Ulanylýan gurluşyk hem bezeg serişdeleriniň berklik, uzak möhletleýinlik şertlerine laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň şäheriň görnüşi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine-de zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunda Arkadag şäheriniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri ylmy esasda öwrenilmelidir we bu babatda hünärmenlerimiz bilen maslahatlaşyp, oňyn çözgüdiň kabul edilmegi wajyp talap hökmünde kesgitlenendir.

Gahryman Arkadagymyz şäherde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belläp, olaryň hil we ekologiýa babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine zerur üns bermelidigini aýtdy. Şunda bilelikdäki tagallalar wajypdyr. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnandygyny, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy arkaly klasteriň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanandygyny aňladýan köp sanly halkara şahadatnamalardyr güwänamalar görkezildi.

Milli Liderimiz täze şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümlerine berlen ýokary bahadygyny belläp, bu önümleriň görnüşlerini we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.

Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň garamagyna ýerli çig mallar esasynda taýýarlanylan lukmançylyk serişdeleriniň, örtükleriň, saglygy goraýyş ulgamynda işleýän hünärmenler üçin niýetlenen lybaslaryň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler we lukmançylyk, dermanlyk serişdeleri ýokary halkara görkezijilere, ekologik talaplara doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyna degişli serişdeler, lukmanlar üçin niýetlenen lybaslar, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda öz baý iş tejribesi esasynda birnäçe belliklerini aýtdy. Hususan-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň nyşanlarynyň göze gelüwli bolmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň şekil taslamalary, binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň, durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda, aýratynlykda ýerleşdirilmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýle-de Arkadag şäheriniň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşyklarynda, bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylmalydyr. Aýratyn-da, binalaryň gurluşyk we bezeg işleri şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetine laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde, täze şäherde bina edilýän önümçilik toplumlarynda bir bitewi seljeriş-intellektual ugra aýratyn ähmiýet berilmelidir. Lukman Arkadagymyz bu barada aýdyp, onuň halkara lukmançylygyň talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Geljegi uly ugur hökmünde ykrar edilen seljeriş-intellektual tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, lukmançylyk klasteriniň önümçilik düzüminiň kuwwatlyklaryny artdyrmak, önümleriň görnüşlerini köpeltmek we dünýäde ekologik taýdan arassa önümler hökmünde ykrar edilen serişdeleri ýerlemek boýunça ýola goýulýan halkara gatnaşyklar, özara tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik toplumlarynyň önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, olaryň hilini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Lukman Arkadagymyz täze şäheriň halkara baýrakdyr güwänamalara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleriň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýändigini belledi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Arkadag şäherinde Täze ýyly garşylamak mynasybetli guraljak giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu dabaralara gatnaşmagy şäher ilaty üçin uly buýsançdyr.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz eşretli, abadan, parahat durmuşda ýaşaýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheri halkymyza döwrebap durmuşy peşgeş bermek bilen, ýaşaýyş üçin iň amatly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Häkim bu baradaky gürrüňi dowam edip, Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli köp sanly maşgalalaryň täze jaýlara göçüp gelendigini habar berdi we täze öýlere göçüp gelmek miýesser eden maşgala agzalarynyň adyndan Milli Liderimize sagbolsun aýtdy.

G.Mämmedowa pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzdan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döwrebap jaýlardan paýly bolan bagtyýar watandaşlarymyzyň çuňňur hoşallyklaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirip bermegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz watandaşlarymyzy täze jaýlara göçüp barmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde zähmetsöýer ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Hemmeler üçin söýgüli baýram hasaplanýan Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz medeni-köpçülikleýin çäreleriň täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki Täze ýyl arçasynyň ýanynda berkarar döwletimiziň bagtyýar halkyna baýramçylyk gutlagyny beýan etdi.

Taryhyň ýene-de bir ýylynyň tamamlanyp barýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylandygyny, munuň bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan beýik hormatynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Bu ýylyň halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl bolandygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işleriň dowam etdirilendigini aýtdy. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işleriň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygyny, Arkadag şäheriniň yzygiderli abraýly halkara baýraklara mynasyp bolýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde iri şäherdir obalaryň gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Milli Liderimiz geçip barýan ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňeldilendigini nygtady we bu ugurda asylly işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.

Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys. Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk gutlagyny: “Täze ýylda ýurdumyz asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolsun! Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi



Yza

Şeýle hem okaň