Golaýda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan ilkinji ýöriteleşdirilen sergi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň 12-si hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 50-ä golaý agzasy gatnaşdy.
Gürgen şäheriniň Halkara sergiler merkezinde üç günläp dowam eden gözden geçiriliş azyk, dokma, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda ýurdumyzyň gazananlary we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikleri döretdi. Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet hem-de hususy düzümlerini bir ýere jemlän sergi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, söwda dolanyşygyny artdyrmak, hususan-da, iki goňşy döwletiň sebitleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Sergide ýurdumyzyň iri senagat düzümleriniň nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly öndürýän önümleri giňişleýin tanyşdyryldy. Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan goňşy ýurtlar bu ugry ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Ýurdumyzyň bu ugurdaky önümçilik we tehnologik kuwwatlyklary dostlukly döwletiň wekilleriniň çuňňur gyzyklanmalaryna eýe boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň öndürýän ekologik taýdan arassa önümleri hödürlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän önümleri goňşy ýurduň ilatyna ilkinji gezek tanyşdyryldy.
Türkmen tarapyndan sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini hususy pudagyň wekilleri düzdi.
Sergi Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli gepleşikleri geçirmäge şertleri döretdi. Onuň çäklerinde iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Goňşy ýurduň wekilleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, eksport mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.
Çeşme: Türkmenmetbugat