Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy

12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen wekiliýetler, agzalan bilim ojagynyň professor-mugallymlary we talyplar gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak dialogy medeniýetiniň ilerledilmegi hem-de halkara derejede howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy babatdaky tagallalara aýratyn ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine halkara parahatçylyga we abadançylyga ýardam bermek, durnukly ulag, energetika, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň birnäçesi bilen tassyklanylmagy hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç sany Kararnamasy bilen ykrar edilmegi onuň halkara gatnaşyklary ösdürmekde netijeli gurala öwrülendigine güwä geçýär. Munuň özi parahatçylyk medeniýetini goldamakda we ösdürmekde ýurduň gazananlarynyň dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygynyň mysalydyr. Türkmenistan ýüze çykýan meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş edýär hem-de bu ugurda beýleki ýurtlar bilen oňyn Bitaraplyk tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Şunda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns çekildi.

Maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu çäräniň toplanan bilimleri kämilleşdirmek bilen bir hatarda, Merkezi Aziýada we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm itergi boljakdygyna ynam bildirdiler.

Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlarydyr döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty 16-njy maýda öz işini tamamlar. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlyk etmeginde ösüş, gender, adam hukuklary, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça öňe sürülýän wajyp çemeleşmeler bilen giňişleýin tanyşmak üçin amatly mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaş diplomatlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk ruhuny ösdürmek arkaly sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge goşant goşar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň