14-nji maýda Aşgabatdaky «Garagum» myhmanhanasynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejedäki duşuşygy boldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bellenilişi ýaly, örän işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle hem – «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»