Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlän «Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň «Parahatçylyk we ynam ýyly» baradaky Rezolýusiýasynyň çäklerinde guralan bu çäre dünýäde we sebitde ynamyň syýasy taýdan möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Maslahata göni we onlaýn görnüşde göç we migrasiýa syýasaty bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Olar Gazagystandan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistanyň hem-de Özbegistandan geldiler. Şeýle-de sebitleýin öňdebaryjy tejribesi bolan ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Türkiýäniň halkara guramalarynyň wekilleri, bilermenler hem çagyryldy.
Maslahatyň açylyşynda çykyş edenler bu forumyň parahatçylygyň we özara hormatyň ýörelgelerini durmuşa geçirmekde, migrasiýa bilen baglanyşykly meselelerde, migrantlaryň hukuklaryny goramakda we ekologiýa taýdan durnuklylygy üpjün etmekde tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler. Gatnaşyjylar sebitleýin ösüş we durnuklylyk üçin möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň birinji sessiýasy şahsyýeti anyklamak we resminamalary dolandyrmak boýunça häzirki zaman çemeleşmelere bagyşlanyp, migrasiýa dolandyryşynyň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak hem-de resminamalaryň galplaşdyrylmagyna we bikanun migrasiýa garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada bolsa daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleler we olaryň migrasiýa edýän täsiri boýunça howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň zaýalanmagy netijesinde ýüze çykýan migrasiýa ýagdaýlary, şeýle-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça halkara başlangyçlar seljerildi. Maksat – ekologik betbagtçylyklaryň netijesinde öýüni terk etmäge mejbur bolýan adamlary goramak üçin çäreleri işläp düzmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek.
Üçünji sessiýada raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseleler, onuň sebäpleri we hukuk taýdan çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler raýatsyzlygyň aradan aýrylmagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtadylar.
Dördünji sessiýa «Migrasiýanyň geljegi: innowasiýalar we sanly çözgütler» diýlip atlandyrylyp, onda elektron wizalar, sanly migrasiýa kartalary we emeli aň arkaly migrasiýa dolandyryşynyň dünýä tejribesi, şeýle-de aç-açanlyk we howpsuzlyk meseleleri seljerildi. Bäşinji sessiýanyň temasy «Sebitleýin hyzmatdaşlyk: migrasiýa syýasatynyň binýady hökmünde parahatçylyk we ynam» boldy.
Maslahatyň dowamynda migrasiýa akymlaryny dolandyrmakda hyzmatdaşlygyň mehanizmleri, öňdebaryjy tejribeler bilen paýlaşmak we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda şeýle möhüm çäräniň geçirilmegi Türkmenistan tarapyndan global we sebit ähmiýetli meseleler boýunça gepleşikleri başlamakda we goldamakda alyp barylýan işleriň, şeýle-de parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýada migrasiýa prosesleriniň kämilleşdirilmeginiň möhüm bölegi bolup durýandygyny görkezýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti