«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan esaslandyrylan «Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen Bitaraplygyna we onuň ähmiýetine degişli dürdäne jümleleri bilen açylýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň özboluşly beýany hökmünde taryha ýazylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşik tarapyndan uly hormat goýulýandygyny görkezýär. Žurnalyň ýörite sanynda berlen makalalarda Türkmenistanyň umumadamzat bähbitlerini nazarda tutýan, häzirki zamanyň syýasy şertlerinde halkara tagallalary birleşdirmek hem-de bu ugurda degişli syýasy-diplomatik mümkinçilikleri hödürlemek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň taryhy ähmiýetine üns berilýär.

“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: bilimiň täze gözýetimleri” atly umumy sözbaşy astynda ýerleşdirilen “Türkmenistanyň Bitaraplygy: milli kökleriň, pedagogik we pelsepewi garaýyşlaryň sazlaşygy” atly makalada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky baý mazmunly bilimiň ähmiýeti nygtalýar. Bu ugurda bar bolan meseleleri çuňňur özleşdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplaryny we eden çykyşlaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde ýakyndan peýdalanmak möhümdir. Dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, howpsuzlygy, asudalygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň tutumly dabaralary, ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleri hakyndaky makalalar žurnalyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek bilen, BMG-niň dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwrüň meseleleri we olary durmuşa geçirmegiň ýollary baradaky garaýyşlaryny beýan edýän hukuk binýadyna esaslanýar. “Türkmen Bitaraplygy — ynanyşmagyň we parahatçylygyň kepili” atly makalada ýurdumyzyň başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy anyk mysallar arkaly açylyp görkezilýär. “Ylmy makalalar” atly umumy sözbaşyda ýerleşdirilen “Halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň güýçlenmegi” atly makalada Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty, onuň geçen taryhy ýoly, bitaraplygyň milli ýörelgeleriniň kanunçylykda berkidilmegi barada garaýyşlar beýan edilýär.

“Bitaraplyk ýyllarynda lukmançylyk biliminde we ylmynda ýetilen sepgitler”, “Bitaraplyk ýyllary içinde BMG-niň resmi dillerini öwretmek boýunça ýetilen sepgitler” atly ylmy makalalar bilim ulgamyndaky üstünliklere bagyşlanýar. “Parahatçylygy dörediji dialogyň kuwwaty — ynamy berkitmegiň we durnukly ösüşiň binýady” atly makalada häzirki zaman halkara syýasatynda türkmen Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy berkitmekdäki ähmiýetine üns çekilýär. Žurnalyň sahypalarynda tejribeli mugallymlaryň, usulyýetçi alymlaryň “Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk taglymatyny öwrenmegiň ylmy-usulyýet meseleleri”, “Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgeleriniň etnopedagogik esaslary” ýaly makalalaryna-da orun berilýär.

“Sport — parahatçylygyň ilçisi” atly ylmy makalada ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda alnyp barylýan syýasat, bu ugurda geçirilýän giň gerimli çäreler, ýaryşlar we olaryň netijeleri barada söhbet edilýär. “Mekdebe çenli terbiýe” atly umumy sözbaşy astynda ýerleşdirilen “Çagada irki ösüş döwründe ynsanperwerlik gymmatlyklaryna söýgi döretmek”, “Körpelerde milli duýgulary döretmek möhüm wezipedir” atly makalalarda mekdebe çenli edaralarda terbiýelenýän döwründen başlap çagalara Bitaraplygyň türkmen nusgasy baradaky başlangyç düşünjeleri bermegiň usulyýeti beýan edilýär.

Žurnalyň “Ýokary bilim” atly bölüminde “Bitaraplyk ýörelgelerini çeper şöhlelendirýän eserleri edebiýat sapaklarynda öwretmegiň ähmiýeti”, “Oňyn Bitaraplygymyzyň milli nusgasyny ýokary bilimde wagyz etmegiň aýratynlyklary”, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy”, “Lukman talyplara hünäre ugrukdyrylan daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary”, “Maglumatlary goramagyň kriptografik usulynda STEM bilimine esaslanmagyň aýratynlygy” atly makalalar ýerleşdirilip, olarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň many-mazmuny, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti, ýokary bilimde ýetilen sepgitler, okuw işindäki täze usulyýetler barada giňişleýin maglumat berilýär.

“Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany bilim ulgamynyň hünärmenlerine we giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň