“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylyp, çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän žurnalda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň hem-de hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giňişleýin beýan edilýär.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bu duşuşygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejedäki duşuşykda ilkinji gezek şeýle gepleşikleri geçirýändigini belledi. Munuň özi gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga we gatnaşyklaryň ygtybarly gurallaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilelikdäki işiň örän möhüm wezipeleriniň hatarynda sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny gazanmaga we saklamaga aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermäge ukyplydyr. Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji, geosyýasy gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görmek ýaly umumy garaýyşlardan ugur alyp, ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we halkara borçnamalaryna laýyklykda, şu maksatlara ýetmek ugrunda zerur işleri alyp barmaga taýýardyr. Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýan Türkmenistanyň bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardygyny belledi.

Žurnalda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 17-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy hem çap edilipdir. Onda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Hyzmatdaşlygyň bu formaty pikir alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça tagallalary utgaşdyrmak, iri halkara meýdançalarda hem-de forumlarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebit düzümlerinde özara ylalaşylan diplomatik kararlary kabul etmek üçin yzygiderli gurallaryň bolmagyny şertlendirýär. “Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtaýar.

Neşirde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendine laýyklykda, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama okyjylara hödürlenilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplyk syýasatynyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we oňyn tejribesiniň BMG-niň derejesinde üçünji gezek ykrar edilmegi hem-de goldanylmagy halkymyzyň belent parahatçylyk söýüjilik däpleriniň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Žurnalyň sahypalarynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň “Türkmenistanyň çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň ýerine ýetirilmegine ygrarlylygy” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramaga berk ygrarlydygyny yzygiderli görkezýändigi bellenilýär. Munuň şeýledigi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna goşulmagynda, giň gerimli kanunçylyk özgertmelerini durmuşa geçirmeginde, halkara düzümler, şol sanda ÝUNISEF bilen yzygiderli ösdürýän hyzmatdaşlygynda hem aýdyň görünýär. Makalada degişli Konwensiýanyň taryhy we hukuk nukdaýnazaryna, çaganyň hukugy babatda gün tertibini amala aşyrmakda Türkmenistanyň milli borçnamalaryna we maksatnamalaýyn işlerine, onuň geljekki ugurlaryna garalýar.

Žurnalda “Maglumat çygryndaky gatnaşyklaryň milli hukuk we guramaçylyk binýady” atly makala hem çap edilipdir. Awtoryň belleýşi ýaly, maglumat tehnologiýalary çygrynda gazanylýan ösüşler gün-günden täze sepgitleri eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, 2018-nji ýylda bolsa “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Olaryň esasynda bilim edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar.

“Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşige hödürlenen makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Mälim bolşy ýaly, konstitusion özgertmeleriň, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda, olara girizilýän kadalarda raýatlaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapyşyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen her ýyl bäsleşik yglan edýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnalda “Parahatçylyk we ynanyşmak: terbiýeçilik işiniň wajyp ýörelgesi” atly makala okyjylara hödürlenilýär. Onda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmegi ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň hemişe üns merkezindedigini tassyklaýar. Biziň esasy borjumyz bolsa geljek nesillere Bitaraplyk baradaky nurana garaýyşlaryň doly hem-de dogry ýetirilmegini gazanmakdyr.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenen “Türkmenistanyň sport kanunçylygynyň halkara kadalary bilen sazlaşygy” atly makalada bolsa esasy maksady jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, sagdyn bedenli we ýokary ahlakly ýaş nesli kemala getirmekden ybarat bolan bedenterbiýe we sport baradaky döwlet syýasatynyň mazmuny giňden beýan edilýär. Ýurdumyzyň sport babatdaky kanunçylyk namalarynda adamyň sport hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan hukuk kepillikleri kesgitlenilýär. “Medeni mirasyň maddy däl gymmatlyklary” atly makalada awtor milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýan halkymyzyň gadymy mirasynyň örän gymmatly baýlykdygyny belleýär. Milli medeniýetimiziň we dünýägaraýşymyzyň binýadyny düzýän maddy däl medeni mirasymyz nesilleriň ruhy arabaglanyşygyny berkitmek bilen, halkymyzyň medeniýetiniň ösmeginde, baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýär.

“Halkara hyzmatdaşlyk we sanly ulgamlaryň durmuşa ornaşdyrylyşy” atly makalada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde milli kanunçylyga halkara hukuk kadalarynyň üstünlikli ornaşdyrylýandygy nygtalýar. Sanly ulgamlar ýurdumyzyň diplomatik işiniň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ulgam arkaly yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, halkara forumlar, okuw maslahatlary we gepleşikler munuň aýdyň mysalydyr.

Däp bolşy ýaly, neşir «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen duşuşyklara, maslahatlara, beýleki çärelere syn berilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň