Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji awgustda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Mary şäherinde bina edilen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda ýerleşip, onuň bilen bir bitewi toplumy emele getirjek 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenen desganyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda guruljak täze desganyň binýadyna ilkinji betony guýup, gurluşyga ak pata berdi. Soňra türkmen Lideri bu ýerde çagalar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Ýeri gelende bellesek, Ministrler Kabinetiniň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bu desganyň taslamasyny taýýarlarlar we gurarlar. Köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenilen binada häzirki zaman ugurdaş enjamlarynyň oturdylmagy bilen, ähli zerur şertler üpjün ediler. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylar.