Aşgabat şäheriniň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin
hem-de Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümleri 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda
ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda
sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň edara binasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
39-34-56;
39-34-64;
39-34-71;
35-12-69;
39-34-76.