Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli meseleleriň birnäçesine seredildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 514 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz beýan edilen degişli teklipleri makullap, «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. 

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine “John Deere” kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şeýle-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça Şertnamany baglaşmaga ygtyýar berdi.

Mejlisde Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden alýumin önümlerini satyn almak hakynda Karar hem ylalaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Nebitmaş” döwlet kärhanasyna önümçilik işlerinde zerur bolan 7 müň tonna sozulan alýumini hem-de 3 müň tonna guýma alýumin taýynçlaryny satyn almak barada Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания” (TALCO) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak babatda degişli teklipleri hödürlenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli Karara gol çekip, maliýe bazarlaryny dolandyrmagy (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi we işiň bu kiçi görnüşi boýunça ygtyýarnamanyň berilmegi üçin degişli döwlet pajy degişli möçberde bellenildi.

Mejlisde hormatly PrezidentimizeTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüm gurluşyny we Tertipnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi.

“Tokio — 2020” Olimpiýa oýunlarynyň tejribesinden ugur alyp, türgenleriň taýýarlygy bilen bagly dürli guramaçylyk meseleleri boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen sazlaşykly işleri ýola goýmak hem-de öňde duran wezipeleri meýilnamalaýyn esasda amala aşyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek baradaky teklibe hem seretdi.

Şeýle hem Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyza Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi.

Hökümet mejlisinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi.


Yza

Şeýle hem okaň