26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň bilelikde ýerine ýetirilmegi ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak onuň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhe döwrüň synagyndan geçen döwletara gatnaşyklaryň dünýäde abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.