Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň ýolbaşçylaryndan mukaddes Remezan aýy mynasybetli gutlag hatlaryny aldy.
Döwlet Baştutanymyza gutlag hatlaryny Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa, Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik we Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II iberdiler.
Hatlarda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edilýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti