Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyny Gadyr gijesi mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi saýty arkaly dolulygyna paýlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da, däp bolşy ýaly, keremli Oraza aýynyň sahawatly we bereketli Gadyr gijesiniň her bir maşgala ojaklarynda gadymy dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize laýyklykda, ajaýyp umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň hatyrasyna täze belent sepgitlere ruhlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn» diýilýär.