Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 02-nji martynda Baýramaly şäheriniň Medeniýet
bölüminde sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly şäheriniň Soltan-Sanjar
köçesiniň 21-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
800564-6-93-46;
800564-6-93-45.