Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, täze ýollary gurmak, halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň hilini döwrüň talabyna laýyk getirmek, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýol-ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti