Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 17-nji martda senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylary çäreleriň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Hususyýetçilerimiziň özlerine ynanylan taslamalara, il-ýurt bähbitli işlere örän jogapkärli çemeleşýändikleri bizi buýsandyrýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň ileri tutulýan işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär. Bu kärhanalarda täze iş orunlary döredilýär, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygy pugtalandyrylýar”, - diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw geljekde hem dowam etdiriler. Ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň, abadançylygymyzyň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saýasynda telekeçilerimiziň mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn”, - diýip hormatly Prezidentimiz belledi.
Serdar Berdimuhamedow foruma we sergä gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylyk, ýurdumyzda özgertmeleri we maksatnamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti