Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda «Energoprom-2026» forumyna gatnaşdy

Aprel aýynyň 1-3-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Energoprom-2026» atly halkara elektroenergetika forumy geçirildi. Oňa energetika ministri Annageldi Saparowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Forum «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň, daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, GDA agza döwletleriň energetika ministrleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň, iri energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy enjam öndürijileriň gatnaşmagynda geçirilen bu forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen elektroenergetika sergisi guralyp, 100-den gowrak kompaniýa döwrebap tehnologik çözgütleri, şol sanda gaz turbinalaryny we täze elektrotehnika enjamlaryny hödürledi.

Halkara çärä gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge, tejribeleri we tehnologiýalary alyşmaga, şeýle hem pudagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän energetika giňişligini döretmäge aýratyn üns berdiler.

Forumyň çäklerinde GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda energiýa ulgamlaryny utgaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, sanlylaşdyrmak we energetika infrastrukturasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Sergeý Siwilew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda türkmen-rus energetika dialogynyň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.


Yza

Şeýle hem okaň