Türkmenistanyň Mejlisi milli hukuk binýadyny kämilleşdirmegi dowam edýär

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 10-njy aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde ýurdumyzyň we Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm meselelerine seredildi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli wezipeler we täze kanunçylyk başlangyçlary ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda parlament tarapyndan on ikinji maslahata taýýarlyk görülýär we onda administratiw hukuk bozulmalary, senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy, balyk tutmak hem-de migrasiýa ulgamlaryna degişli birnäçe kanun taslamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegine garaşylýar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlar Özbegistanda geçirilen Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi birinji parlamentara forumyna gatnaşdylar. Şeýle-de Mejlisde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna we hukuklaryna degişli halkara maslahat guraldy hem-de Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin ýörite okuw sapaklary geçirildi.

Welaýatlardan saýlanan deputatlar ýerlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini öwrenmek we raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtady we bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň