Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 10-njy aprelde Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gözegçilik edýän toplumlary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.